15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, açyklygyň we ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýadynda guralýar, onuň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Munuň özi ýüze çykýan meseleleri çalt we netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen-gazak gatnaşyklary çuňňur taryhy köklere, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanýar. Şol bir wagtyň özünde taraplar häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryna düşünýärler. Onda netijeli ykdysadyýetiň döwrebap düzümiň, tehnologik binýadyň we innowasiýalaryň döredilmegi döwletleriň üstünlikli ösmeginiň girewi bolup durýar. Türkmenistan we Gazagystan özara gatnaşyklarynda hut şu ýol bilen barýarlar.
Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny hem-de taýýardygyny, şeýle hem munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny doly tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýşy ýaly, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Taraplaryň ikisi hem ysnyşykly köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat edýändigine, olaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit we halkara işleriniň durnuklylygyna hem-de ösmegine ýardam edýändigine düşünýär.
Narybaý Özbekow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy