«Köp zähmet çekdim. Zidan hem-de Ronaldo meniň idollarym. «Ballon d’Or» baýragy meniň ýetmek isleýän arzuwlarymyň biridir. Kyn günleri başdan geçirdim. Ýöne şonda-da goý bolsun etmedim. Şonuň üçinem bu baýragy alanyma örän şat. Bu abraýly baýragy almakda goldaw berenleriň ählisine çäksiz sagbolsun aýdýaryn»
Karim Benzema
2022-nji ýylyň 17-nji oktaýabrynda Fransiýanyň paýtagty bolan Parižde «Ballon d’Or 2022» baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Bu abraýly baýraga ilkinji gezek Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Real Madrid» toparynyň hüjümçisi Karim Benzema mynasyp boldy. Parižde geçirilen dabarada oňa bu baýragy ozalky tälimçisi Zinedin Zidan gowşurdy. 34 ýaşyndaky futbolçy Benzema «Ballon d’Or» baýragyna mynasyp bolan 5-nji fransuz futbolçydyr. Geçen möwsümde 46 oýunda 44 gezek tapawutlanan Benzema bu hormata laýyk görülen 8-nji «Real Madridli» futbolçydyr.
«Ballon d’Or» baýragyna jemi 30 futbolçy dalaşgär görkezilip, Sadio Mane 2-nji, Kewin de Bruýne 3-nji, Robert Lewandowski 4-nji, Mohamed Salah 5-nji, Kilian Mbappe 6-njy, Tibo Kurtua 7-nji, Winisius Junior 8-nji, Luka Modriç 9-njy hem-de Erling Holann 10-njy orna mynasyp boldy. Bu abraýly baýragy 5 gezek eýelän Ronaldo 16 ýyldan soň ilkinji gezek onlyga düşüp bilmän, ol 20-nji orny eýeledi. Lionel Messi bolsa bu gezekki dalaşgärleriň sanawynda-da görkezilmändir.
Mansur BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.