BMG – dünýäde  parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen döredilen halkara guramasydyr. Guramanyň Tertipnamasynda bellenilen maksatlar esasan dünýäde howpuň öňüni almakdan we oňa garşy göreşmekden, halkara dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmekden, milletara dostlukly gatnaşyklary hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýaly ýörelgeler esaslarynda guramakdan ybarat.

Ilkinji gezek BMG-ni döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözülýär. Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada döredilýär. Şol ýylyň 26-njy iýunynda 50 ýurduň wekilleri BMG-niň Düzgünnamasyny biragyzdan kabul edýärler. 1971-nji ýylda Baş Assambleýa öz Rezolýusiýasynda BMG-niň gününiň halkara derejeli baýramyna öwrülmelidigini nygtap, oňa agza döwletlerine öz döwlet baýramy hökmünde belläp geçmegi barada teklip berýär. Şondan bäri hem  her ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Halkara güni oňa agza döwletleri tarapyndan  ýokary derejede  bellenilýär. Düzgünnama baýramçylyk senenamasyna öwrülen 24-nji oktýabrda güýje girýär. BMG-niň ştab-kwartirasy Nýu-Ýorkda, Ýewropadaky merkezi bolsa Ženewa şäherinde ýerleşýär.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna dünýäniň garaşsyz döwletleriniň 193-si  kabul edildi.  Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr. BMG-niň düzüminde birnäçe guramalary hem bar. Olara medeniýet we magaryf işleri boýunça gurama –ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we başgalar degişlidir.

Her ýylda BMG-niň Halkara güni 20-26-njy oktýabr aralygynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde bellenilýär. Bu baýramçylyk gününde dürli duşuşyklar, mejlisler, “tegelek stollar”, sergiler we halkara konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Däp boluşy ýaly, şol gün BMG-niň Baş Sekretary dünýä giňişligine öz ýüzlenmesi bilen çykyş edýär. Şeýle-de geçirilýän ýörite çäreleriň dowamynda BMG-niň agzalary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar we bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli birek-biregi gutlaýarlar.

Oraz ORAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.