Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns bermegi bilen, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär. Tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Şeýle asylly işler sebit we dünýä möçberinde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň, sebitiň, bütin Ýer şarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge degişli çäreleriň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap obanyň düýbüni tutup bermegi bilen, bu ýerde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ajaýyp kölüň töwerekleriniň ekologiýa talaplaryna laýyk özleşdirilmegi Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ol zerarly ýerleriň şorlaşmagynyň mukdaryny azaltmaga saldamly goşant bolar.
Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi hemmesi belent ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine uly goşantdyr.
Çaryýewa Gülşat,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ biologiýa mugallymy.