31-nji oktýabr — 3-nji noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC» halkara nebit maslahaty we sergisi guraldy. Bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Halkara nebit sergisinde dünýäniň 28 döwletinden kompaniýalaryň 2200-siniň pawilýonlarynyň hatarynda Türkmenistanyň diwarlygyna hem orun berildi. Daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň 40-dan gowragyny bir ýere jemlän foruma bilermenlerdir syýasatşynaslaryň 150 müňüsi gatnaşyp, onda nebitgaz pudagyny ösdürmekde maýa goýum meseleleri, wodorod energetikasy, geosyýasy öwrülişik şertlerinde energetika senagatynyň ösüşi we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
ADIPEC-iň köp sanly eskponentleriniň hatarynda № 13060 diwarlygynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň şahamçasy görkezildi.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bu ulgamda kesgitlenen wezipeleriň çözülmeginiň türkmen hünärmenleriniň hem-de daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleriniň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijileriň, maýa goýum guramalarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça türkmen tarapynyň teklipleri beýan edildi. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, salgyt ýeňillikleri we beýlekiler Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmekde maliýe serişdelerini çekmek üçin anyk şertler bilen üpjün edýär. Nebitgaz senagaty uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagydyr. Ýurdumyzda bu pudaga innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly orun berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow ADIPEC Strategiki we Tehniki maslahatyna gatnaşdy.

Forumyň barşynda maslahatlaşylan ileri tutulýan temalaryň hatarynda nebitgaz toplumyna maýa goýumlar meseleleri bar. Ýokary derejeli çykyş etjekler energiýanyň geljekki sarp edilişini kanagatlandyrmakda wodorodyň ornuny, geosyýasy özgeriş şertlerinde energetika pudagyndaky üýtgeşmeleri, suwuklandyrylan gaz bazarynyň dinamikasyny we beýleki meseleleri maslahatlaşdylar.

Gurbangylyç Garaýew

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby