Neşir “Beýik maksatlar, saldamly gazanylanlar, ýagty geljek” atly syn-seljerme makalasy bilen açylýar. Onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmegiň, milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmegiň, halkara giňişlikde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meseleleri toplumlaýyn beýan edilýär.

Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk senesi baýram edilen hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edilen 2020-nji ýyl halkymyzyň yhlasly we joşgunly zähmetine beslendi. Eýýäm taryha öwrülen şol ýyl Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterdi, onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýyl ýazgylarynyň nobatdaky goýberilişinde döwletimiziň iň täze taryhy, ýurdumyzyň syýasy we ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek, halkyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilim we medeni ösüşi ýokary derejä çykarmak maksady bilen, türkmen jemgyýetiniň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip kabul edilen kanunlar, gol çekilen permanlar, kararlar, buýruklar hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi materiallary esasynda, gysgaça maglumatlar berilýär.

Neşirde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlara amala aşyran iş saparlary, daşary döwletleriň Baştutanlary, jemgyýetçilik-syýasy işgärler bilen halkara derejede geçiren duşuşyklary barada maglumatlar beýan edilýär. Wakalaryň wagt yzygiderliliginde beýan edilmegi okyjylara Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar hem-de myhmansöýer türkmen topragynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar barada synlar beýan edilipdir.

Uzuk Muhadowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby