Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Özbek-türkmen halklarynyň dostlugyny berkitmekde Magtymgulynyň döredijiliginiň roly» diýlip atlandyryldy.
Maslahatda «Doganlyk halklaryň edebi gatnaşyklarynda Magtymgulynyň orny», «Özbegistanyň türkmenleri: düýn we şu gün», «Magtymgulynyň eserlerinde Merkezi Aziýa halklarynyň dostlugy» ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Günüň ikinji ýarymynda Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Daşary ýurtlar bilen milletara gatnaşyklar we dostlukly aragatnaşyklar komitetinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda komitetiň başlygy myhmanlara häzirki wagtda Komitetiň 152 milli medeni merkeziň, 36 dostluk jemgyýetiniň işini utgaşdyrýandygyny we taryhyň, medeniýetiň goralmagyna uly goşant goşýandygyny, Özbegistanda ähli milletleriň we halklaryň ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary we adatlary hakynda gürrüň berdi.
Özbegistanda işleýän ähli milli medeni merkezler bilen bir hatarda, türkmen medeni merkeziniň işi üçin ähli zerur şertleriň bardygy bellendi. Komitetiň binasynda merkez üçin aýratyn otag bölünip berildi, ofis enjamlary, milli saz gurallary we milli eşikler üpjün edildi.
Şeýle hem häzirki wagtda Özbegistanda 44 türkmen dilli mekdebiň işleýändigi habar berildi. Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus döwlet uniwersitetinde türkmen filologiýasy fakulteti döredildi we Ajiniýaz adyndaky Nukus pedagogika institutynda başlangyç synplar üçin mugallymlary taýýarlamak fakulteti açyldy.
Garagalpagystan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkezi aýlyk «Mekan» gazetini türkmen dilinde neşir edýär we «Orzu» aýdym-saz ansambly türkmen halkynyň milli we etnografik gymmatlyklaryny sungaty bilen nesilden-nesle geçirýär diýlip, çykyşda bellenildi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen milletiniň 200 müňden gowrak wekili ýaşaýar. Respublikan türkmen medeni merkezi öz işine 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda başlady. Merkeziň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny, taryhyny we dilini ösdürmek, Özbek we Türkmen halklarynyň arasyndaky sazlaşygy we parahatçylygy berkitmekden ybarat bolup durýar.
Annameret Allagulyýew
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby