2022-nji ýylyň yssy howasy zerarly, Ýewropada azyndan 15 müň adam aradan çykdy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeniň beren maglumatlaryny dünýäniň iri habarlar gulluklary ýaýratdylar.
“Ýurt boýunça berlen maglumatlara esaslansak, hut 2022-nji ýylyň yssy howasy zerarly azyndan 15 müň adamyň aradan çykandygyny hasaplamak bolýar” diýip, Klýuge aýdýar. Onuň nygtaýşy ýaly, 4 müň töweregi ölüm Ispaniýada, 1 müňden gowragy Portugaliýada, 3,2 müňden gowragy Beýik Britaniýada, 4,5 müňüsi bolsa Germaniýada hasaba alyndy.
Ol ýylylyk dartgynlylygyny Ýewropadaky adamlaryň aradan çykmagyna getiren esasy sebäp hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, BSGG-niň wekili yssy howanyň dowamly ýokançlary, şol sanda ýürek-damar, respirator, serebrowaskulýar kesellerini, şeýle-de diabet bilen bagly keselleri öjükdirip bilýändigini sözüniň üstüne goşdy.