Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) hökümeti 7-nji noýabrdan başlap koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaklyga gönükdirilen ähli çäklendirmeleri we ätiýaçlyk çärelerini ýatyrmagy karar etdi. BAE-niň Habarlar gullugynyň (WAM) habar bermegine görä, bu barada ýekşenbe güni Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça milli müdirligiň (NCEMA) resmi wekili Seýf az-Zahiri habar berdi.

Onuň sözlerine görä, lukmançylyk edaralaryndan we mümkinçiligi çäkli adamlar üçin merkezlerden beýleki ähli açyk we ýapyk görnüşli edaralarda, şol sanda dini däp-dessurlaryň bejaý edilýän ýerlerinde we metjitlerde örtük dakmak hökman bolmaz. Şol bir wagtda koronawirus ýokaşan ýagdaýynda bäş günlük aýrybaşgalykda galmak talaby saklanyp galýar. Çäklendirmeler duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 06:00-dan (07:00 aşg) başlap ýatyrylar.