Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylandygy hakyndaky hoş habar bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy, göwün guşlaryny ganatlandyrdy.
Bu buýsançly waka bäş müň ýyllyk şanly taryhy bolan, dünýäde ençeme azym-azym döwletleri guran halkymyzyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründen bäri üç asyra golaý wagt geçse-de, onuň döreden eserleriniň çuň mazmuny, köptaraplaýyn häsiýeti öz ähmiýetini ýitirmeýär. Şahyryň bakylyk suwy berlen ýaly dürdäne setirleri diňe bir halkymyzyň ebedi edebi mekdebi bolmak bilen çäklenmeýär. Magtymguly Pyragy häzirki wagtda umumadamzat ähmiýetli şahyr hasaplanýar. Şahyryň döredijilik mirasy ýaş nesiller üçin edep-terbiýäniň, ynsanperwerligiň mekdebi hasaplanýar. Onuň döredijilik dünýäsinde halkymyzyň milli özboluşlylygy, ruhy dünýäsi özboluşly şöhlelenýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan nusgawy şahyrdyr. Onuň paýhasa ýugrulan şygyrlarynda ynsan durmuşy hemmetaraplaýyn, giň we çeper beýan edilýär. Agzybirlik, parahatçylygy söýüjilik, şeýle hem adamzada mahsus iň naýbaşy gylyk-häsiýetler şahyryň döredijiliginiň esasy mowzugy bolup durýar. Beýik akyldar şahyrymyz şygyrlarynda ähli adamzat neslini ýagşylyga, ynsanperwerlige çagyrýar. Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynsanperwerlige ýugrulan pikir-garaýyşlar, pelsepewi taglymatlar milli özboluşlylygymyzyň aýdyň beýany bolmak bilen bir hatarda, umumadamzat ähmiýetine hem eýedir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň tükel türki dünýäsinde uly dabara bilen belleniljekdigi halkymyzyň kalbyny buýsançly duýgulara besleýär.
Gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň şöhratly taryhyna goýulýan ägirt uly sarpadan nyşandyr. Gadymy şäherde taryhda «Änew medeniýeti» diýip uly at galdyran beýik siwilizasiýanyň yzlaryna gabat gelmek bolýar.
Taryhy maglumatlara görä, Änew ak bugdaýyň mekany, ekerançylygyň ilkinji dörän ojaklarynyň biri hasaplanýar. Munuň şeýledigine gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan tapyndylar — däneleriň toýun gatlagynda galan yzlary, daş kätmenler, oraklar we sokular hem şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň hem şeýle derejä eýe bolandygyny aýratyn nygtamak zerur.
Halkymyzyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Gülnar ATAÝEWA,
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












