Garaşsyz Türkmenistan döwletimize hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi dünýäniň syýasy giňişliginde görlüp-eşidilmedik, ýurdumyzyň şan-şöhratyny bolsa arşa göteren şanly waka hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Häzirki wagtda dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlete — Türkmenistan Watanymyza bu hukuk derejesiniň berlen senesiniň — her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä ýurtlarynda baýram edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana we ýurdumyza berlen hukuk derejesine Ýer ýüzünde çäksiz hormat-sarpa goýulýandygynyň kepilidir.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň ajaýyp gözelligini, asudalygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, abadan, eşretli durmuşyny synlaýarkaň, mukaddes Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň ykballary özgerdiji täsirleri seriňe dolýar. Şol pursat dünýä nusgalyk beýik işleri bilen abraý-mertebesi arşa göterilýän döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygy ör-boýuna galýar. Türkmen bitaraplygy halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň daşary syýasatda rowaçlyga beslenmegidir. Bitaraplyk ýörelgeleri milli gymmatlyklarymyzda-da, däp-dessurlarymyzda-da, dünýäni haýrana goýýan medeni mirasymyzda-da beýanyny tapýar. Enelerimiziň tamdyra ýapýan çörekleriniň birini öz goňşusyna niýetleýşi, goňşy paýy, goňşokara gatnaşyklary, goňşy barada döredilen halk döredijiligi eserleri munuň subutnamalarydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige berk eýeren pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň ajaýyp döwrümizde dowamat-dowamdygy bolsa örän buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galdy. Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilikli dowam etdirilýär hem-de güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Döwlet Baştutanymyz: “Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris” diýip belleýär.
Hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen eziz Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Döwletimiz sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak we beýleki ugurlar boýunça umumadamzat bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi. Döwletimiziň teklibi esasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi muňa güwä geçýär. Şu ýyl döredilenine 15 ýyl bolýan merkez sebitde durnuklylygy saklamaga, howpsuzlygy üpjün etmäge, özara bähbitli gatnaşyklar esasynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýän çäreleriň ençemesini durmuşa geçirdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda: “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hem dördüsiniň esaslandyryjylar hökmünde gatnaşan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 2022-nji ýylyň dekabr aýynda 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, biz Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny baradaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek isleýäris we degişli resminamada soňky ýyllaryň ähmiýetli wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagynyň yglan edilmegini beýan etmegi göz öňünde tutýarys” diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesini toplady. Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki köp sanly iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji dialogynyň Jarnamasynyň 76-njy sessiýanyň resminamalary hökmünde beýan edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr hem-de döwletimiziň bu abraýly halkara gurama bilen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygynyň alamatydyr.
Bitaraplyk türkmen halkynyň şöhratydyr, şanydyr. Bitaraplyk parahatçylykdyr, asudalykdyr. Ata Watanymyzyň asyl köklere daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginden nyşandyr.
Näzik GURBANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby

RU












