Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlaryny, interwýularyny, gutlaglaryny hem-de ýüzlenmelerini özünde jemleýän, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ýygyndynyň nobatdaky — 12-nji tomy çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy.
Neşir «Türkmenistanyň dörediji kuwwaty — ählumumy ösüşiň hatyrasyna» diýen sözbaşyly makala bilen açylýar. Onda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçen ýylda ykdysady, durmuş ulgamlarynda döwlet maksatnamalarynyň, şeýle hem daşary syýasy strategiýanyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilişi häsiýetlendirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ylmy işleriniň — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» (ikinji kitap), «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» (11-nji tom) atly kitaplarynyň çapdan çykmagy 2018-nji ýylyň şanly wakalaryna öwrüldi. Ýygyndyda durmuş ulgamyny ösdürmegiň meseleleri giňden beýan edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama aýratyn üns berýär.