5-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak işleriniň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyna, daşary söwda amallarynyň ösdürilmegine, şeýle hem eksportuň görkezijilerini geçen ýyllaryň derejesinde saklamaga oňyn täsir edýändigini belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Beýleki möhüm ýagdaýlaryň hatarynda karz bermek we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bar.
Hormatly Prezidentimiz göni maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen ykdysady strategiýanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi içerki bazarda goşmaça önümçilik isleglerini döretmäge we maliýe-ykdysady ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam edýär.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň uzak möhletli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sanly ykdysadyýete geçmek işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky täze maksatnamalary işläp taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Döwlet Baştutany maýa goýumlaryny çekmegi, has bähbitli ugurlar boýunça eksport kuwwatyny artdyrmagy we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmegi geljekki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Iş maslahatynyň barşynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişi, bu ugurda döwlet gözegçiligini guramak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy G.Müşşikowa degişli işleri dowam etmegi hem-de onuň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hasabat bermek barada görkezme berdi.

RU












