23-nji noýabrda ispaniýaly hünärmen Hosep Gwardiola «Mançester Siti bilen täze şertnama gol çekdi. Bu barada klubuň saýtynda aýdylýar.

Täze şeertnama 2025-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

51 ýaşly Gwardiola «Sitä» 2016-njy ýylda bellenildi. Onuň ýolbaşçylygynda klub dört gezek Angliýanyň çempionatyny we Iňlis ligasynyň kubogyny, bir gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy. 374 ýaryşda 271 ýeňiş gazandy, 921 gol geçirdi (ortaça 2,46 gol).