Ispaniýanyň «Barselona» topary futbol boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda täze bir rekord goýmagy başardy. Ispaniýanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Luis Enrike «Walensiýa» futbol toparynyň we Ispaniýanyň milli toparynyň goragçysy Hose Luis Gaýýanyň şikes alyp, oýna gatnaşyp bilmeýändigi zerarly, onuň ýerine «Barselona» toparyndan Alehandro Baldeni goşmagy maksada laýyk hasap etdi. Şeýlelik bilen Katar döwletinde geçiriljek futbol boýunça dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda «Barselona» toparynyň 17 sany oýunçysy çykyş eder. «Bu dünýä çempionatlarynyň taryhynda täze bir rekorddyr. Mundan öň bir çempionatyň dowamynda bir toparyň munça oýunçysy çykyş edip görmändi» diýip, arap metbugatynda aýdylýar.

Aslynda, sanlyja gün mundan ozalam bu dereje Mýunheniň «Bawariýa» toparyna degişlidi. «Bawariýanyň» 17 oýunçysy dünýä çempionatyna gatnaşmalydy, emma ýaryşyň başlanmagyna sanalgyja günler galanda «Bawariýa» toparynyň hem-de Senegalyň milli toparynyň oýunçysy Sadio Mane şikes alandygy zerarly, bu gezekki çempionata gatnaşyp bilmeýändigini mälim etdi. Bu Senegalyň milli toparyny, Sadio Maneniň muşdaklaryny, şeýle-de «Bawariýa» toparyny hem gynandyrdy.

Şeýlelik bilen bu çempionatda «Barselonanyň» 17 sany oýunçysy sekiz döwlete wekilçilik eder. Olar: Ispaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Germaniýa, Urugwaý, Polşa, Braziliýa we Daniýa döwletleridir.