Döreýiş taryhy ynsanyýetiň başlangyjyndan gaýdan tans etmek sungaty ähli halklaryň we medeniýetleriň aýrylmaz bölegidir. Fransuz dilinde “danse” sözünden gelip çykan tans bedeniň saza görä sazlaşykly we owadan hereketini aňladýar. Tans diňe sungatyň bir bölegi bolman, eýsem, onuň ynsan saglygyny dikeltmekde hem uly ähmiýeti bardyr. Fiziki we ruhy taýdan ynsanyň gurşaw alýan tans beýleki sport maşklaryna garanyňda kän ýadatmaýan we özüne çekiji işjeňlikdir. Ol diňe bir bedenimiziň kuwwatyny däl, beýnimizi hem güýçlendirýär. Nerw dartgynlylygyny pese gaçyrýar we bedenimizde serotonin garmonynyň bölünip çykarylmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, adam özüni şat duýýar.

Ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar

Tans edenimizde bedenimizdäki dürli myşsalar bilelikde işleýär. Tansyň dowamyndaky hereketimiziň çaltlygy bolsa, tans edýän sazymyzyň depginine bagly. Eger-de haýalrak hereketler bilen tansa başlamak islesek, onda haýal depginli sazy saýlamak gerek. Şeýle hem tans edenimizde beýleki sport maşklaryndaky ýaly şikeslenme ähtimallygy köp bolmaýar. Italiýada alnyp barlan barlaglaryň netijesinde ýürek-damar keseli bolan näsaglaryň hepdede 2-3 gezeklik tans bejergisinden soňra olaryň dem alyş we gan aýlanyş ýollarynyň öňküden has açylandygy anyklanyldy.

Aşa semizlikden halas edýär

Aşa semizlikden gutulmak üçin jan edýän adamlaryň sany bu günki gün dünýäde has artdy. Welosiped sürmek, ylgamak ýa-da ýöriş etmek bilen deň derejede täsirli bolan tans etmek sizi elmydama ideal agramda saklamaga ýardam eder.

Ýatkeşligimizi güýçlendirýär

Tans etmek bilen ýatkeşligimizi güýçlendirip bolýan bolsa, onda gezen ýerimizde tans edip gezäýmeli. Emma bu hakykatdan-da, şeýle. “New England” lukmançylyk žurnalynda ýazylanlara görä, adam garradygyça beýnimizde ýatkeşligimizi dolandyrýan bölejik gippokampyň göwrümi kiçelip, ýatkeşligimiziň peselmegine getirýändigi aýdylýar. Tans etmegiň we beýleki aerobiki maşklaryň bolsa munuň öňüni alýandygy beýan edilýär.

Haýsy tans görnüşini saýlamaly?

Elbetde, tansyň 20-den gowrak meşhur görnüşleri bar. Siziň ruhuňyza, ýüregiňize haýsy tans iň ýakyn bolsa, şol tansa degişli sazlary saýlap, joşup tans edibermeli. Tanslaryň içinde milli, aýratyn hem, küştdepdi tansymyz ýürege ýakyn tanslaryň biridir. Ondan näme küştdepmäge başlabereliňmi?!

Ataýew Gündogdy
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby