Agrosenagat toplumy ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp ähmiýete eýe bolan ulgamlaryň hatarynda durýar. Häzirki wagtda, ýurduň bu toplumynyň önümleriniň eksportyny artdyrmak, importynyň möçberini azaltmak babatynda degişli işler ýola goýuldy we üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman şertlerinde agrosenagat toplumynyň ösüşinde oba hojalyk önümlerini ýylyň bütin dowamynda öndürmeklige we infrastruktura pudaklaryny degişli derejelerde ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Bu hem tötänden däldir, sebäbi bu toplumyň öňünde Durnukly ösüş maksatlarynyň iň wajyplarynyň biri bolan «Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam etmek» maksadyny amala aşyrmak wezipesi durýar. Munuň üçin, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikler, gara mallaryň we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk önümlerini uzak möhletleýin saklaýan sowadyjyly ammarlar gurulýar.
Depginli güýç bilen ilerleýän milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk toplumynda hem gazanylýan üstünlikler milli Liderimiziň düýpli özgertmeler syýasatynyň anyk netijesi bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oba hojalyk syýasatynda ýokary ösüş gazanylýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan agrosenagat toplumyny ösdürmek meselelerine ýadawsyz ünsüň berilmegi netijesinde, ýurdumyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürüjilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän degişli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysady ulgamyň yzygiderli kämilleşdirilmegine özüniň uly täsirini ýetirýär. Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmäge gönükdirilen “Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, milli Liderimiziň kabul eden kararlarynyň, şeýle-de bu ugurda kabul edilen birnäçe hökümet çözgütleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, häzirki wagtda Watanymyzda oba hojalyk pudagynda önüm öndürmeklige isleg bildirýän raýatlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, oba hojalygyny ösdürmekde maksatlaýyn döwlet goldawlary bilen bir hatarda, ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasata hem uly orun degişli bolup durýar.
Asyryň iň iri gidrotehniki desgasyna öwrülen “Altyn Asyr” Türkmen köli ägirt uly möçberli, täsin gidrotehniki desganyň gurulmagynyň esasy maksady, ýurdumyzyň suwarymly ekerançylyk ýerlerinden çykarylýan ummasyz möçberdäki zeý şor suwlarynyň döredýän ýaramaz ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin, olary bir ýere – döwletimiziň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän tebigy Garaşor çöketligine ýörite ýygnamakdan we sowmakdan, gaýtadan ulanmagyň ýollaryny we usullaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Türkmen köli topragyň şorlaşmagy, suw baýlyklarynyň hapalanmagy, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagy we suwarymly ýerleriň hem-de çöl örüleriniň suwa basdyrylmagy bilen baglanyşykly wajyp ekologiki meseleleriň çözgüdini tapmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Bu kölüň gurluşygy diňe zeýakaba-zeýkeş suwlaryny akdyrmaga niýetlenip, ol hiç bir ýagdaýda Amyderýadan hem-de beýleki suwaryş çeşmelerinden suw almaga niýetlenip gurulýan desga däldir. “Altyn asyr” Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly çöl hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr. Onuň möhüm aýratynlyklaryna göz ýetirmäge aşakdaky käbir maglumatlar hem aýdyň şaýatlyk edýärler: Garaşor tebigy çöketliginde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň uzynlygy 103 kilometre, ini 18,6 kilometre, çuňlugy, ortaça 70 metre, göwrümi 132 kub kilometre ýa-da 132 milliard kubometre, umumy tutýan meýdany bolsa 1915,8 kwadrat kilometre barabar hasaplanýar.
Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň “Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” kabul edilip, onda oba hojalygy ösdürmegiň we pudagy özgertmegiň geljekdäki ugurlary jikme-jik aýdyňlaşdyryldy.
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba ho-jalygyny yzygiderli we durnukly ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Çuňňur oýlanyşykly, ölçerilen oba syýasaty milli Liderimiziň bu pudagy özgertmek ugrunda başyny başlan işleriniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň oba hojalygynyň çalt depginlerde ösdürmegiň we ony döwrüň talabyna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmagyň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär.
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde häzirki wagtda bu ulgamda obasenagat toplumynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen pagtany, bugdaýy, ýeralmany, irki gök-bakja önümleri hem-de beýlekileri ösdürip ýetişdirmek boýunça gyşky we ýazky meýdan işleri guramaçylykly we ylmy esasda alnyp barylýar. Şeýle hem olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, ekerançylygy ylmy esasda alyp barmak maksady bilen anyk işler amala aşyrylýar.
Durmuşa geçiririlýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde, suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ugur degişlidir. Bu möhüm pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli gurulýar. Suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösüşini, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna kömek edýär.
Şu nukdaýnazardan welaýatlaryň ekin dolanyşygyna girizilen ýerleri suw bilen üpjün etmäge gönükdirilen suw hojalyk toplumlary hereket edýär. Ol Garagum derýasyndan suw howdanlaryna we ekerançylyk meýdanlaryna suwuň zerur möçberlerini akdyrmaga mümkinçilik berýän birnäçe gidrotehniki inženerçilik desgalary özünde jemleýär.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Ismailowa Mahymjan