Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy.

Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty almak ilat ýazuwynyň esasy maksadydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň giň gerimli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerurdyr. Çäräniň dowamynda toplanan maglumatlar durmuş ulgamy we ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin çaklamalar, uzak möhletleýin taslamalardyr maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda hasaba alnar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu giň gerimli çärä taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy onuň aýratynlyklarynyň biridir. Ýazuwyň ähli tapgyrlarynda, şol sanda maglumatlary ýygnamakda, işlemekde we ulgamlaşdyrmakda ugurdaş programma üpjünçiligi ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ulanylar. Bu çäre ilata sowal bermek we elektron ýazuw kagyzlaryny doldurmak usuly arkaly geçiriler. Şeýlelikde, sanly format has takyk görkezijileri almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýazuwyň deslapky we gutarnykly netijelerini öz wagtynda, dolulygyna çap etmäge ýardam berer.

Ilat ýazuwynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde häzirki günde innowasion maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we iň gowy dünýä tejribesiniň ulanylmagy möhüm orny eýeleýär. Şu maksatlar bilen, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy, BMG-niň statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Öňümizdäki boljak ilat ýazuwy Türkmenistanyň milli strategik meýilnamalary üçin giňişleýin maglumatlary ýygnamaga, seljermäge we peýdalanmaga, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ylmy taýdan esaslanan syýasy ugry işläp taýýarlamaga, şunuň bilen birlikde, gazanylan netijeleri jemlemäge mümkinçilik berer.

Narybaý Özbekow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy