Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen her ýylyň 3‒nji dekabrynda “Bütindünýä maýyplar güni” bütin dünýäde bellenilip başlanyldy. Bu gün Ýer ýüzünde maýyplygyň öňüni almak hem-de olary okatmak, bilim bermek ýaly meseleler nygtalýar. Bu gün maýyp adamlar bilen kynçylyklaryny paýlaşmak we olar bilen wagtyňy gyzykly geçirmek üçin iň manyly günleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýädäki maýyplaryň meselelerine ünsi çekmek hem-de olara has gowy düşünmek üçin birnäçe kararlar kabul edilýär. Hususanda, mekdeplerde okaýan maýyp çagalaryň bilim derejesini ösdürmek, olaryň geljekde ýokary ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekligi üçin yzygiderli işler amala aşyrylyp durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da maýyplygyň manysyny we ähmiýetini nygtaýan birnäçe seminarlar geçirilýär.
BMG ähli adamlaryň, şol sanda maýyp adamlaryň hem hukuklaryny goramaga, syýasy, ykdysady, medeni durmuşda maýyplaryň hem beýleki adamlar bilen deň derejede gatnaşyp bilmeklikleri üçin yzygiderli çäreleri geçirýär. Şonuň üçin hem, maýyplyk ─ bu adamyň beden aýratynlyklarynyň we onuň ýaşaýan jemgyýetiniň aýratynlygynyň özara gatnaşyklaryny görkezýän adaty bolmadyk bir ýagdaýdyr.
Her ýylyň 3‒nji dekabrynda “Bütindünýä maýyplar gününiň” Halkara derejesinde geçirilmeginiň esasy maksady bolsa, maýyplyk zerarly ýüze çykýan kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň durmuşlarynda abadançylygy üpjün etmäge hem-de hak‒hukuklaryny, mertebesini goldamaga we ony durmuşa geçirmegiň ýollaryny çözmäge uly ýardam edýär.

Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby