Hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan toplumlaýyn, giň göwrümli we uzak möhletli, geljegi nazarlaýyn parasatly döwlet ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge, tebigy baýlyklaryň köpeldilmegine, goralmagyna rejeli we aýawly peýdalanmagyna hem-de türkmen halkynyň geljekde eşretli durmuşda ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa howpsyzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrmakda ýurdumyzda döredilen gözegçilik ulgamyna uly orun berilýär. Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň degişli gulluklary tarapyndan her gün iri şäherlerde atmosfera howasynyň ýagdaýyna, ýerüsti suwlaryň hiline, toprak örtüginiň hapalanmagyna gözegçilik edilýär.
Ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda we olar işe girizilenden soň ekologiki kadalary berjaý etmek, döwlet ekologiki barlaglaryny geçirmek we degişli pasportlary bermek boýunça edilýän talap gün-günden güýçlendirilýär.
Ekologik ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek we ony kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär.
2009-njy ýylda “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň tokaý kodeksi”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, 2012-nji ýylda “Tebigaty goramak hakynda”, Ekologiýa seljermesi hakynda kanunlar kabul edildi.
Biziň ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine ýetirmekde giň möçberli wagyz-nesihat işlerini alyp barýan jemgyýetçilik birleşikler hem döredildi. Olardan iň irisi Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşigi (TTGJB) hasaplanýar.
Diýarymyzda dermanlyk üçin ösümlikleri taýýarlamak, olardan rejeli peýdalanmak hökmandyr. Şeýlelikde, bu ösümlikleriň ätiýaçlyklaryny gorap saklamak üçin, olaryň çig mallaryny tygşytly taýýarlamakdan başga-da özara baglanşykly birnäçe çäreleri geçirmek zerurdyr.
Berkarar döwletimiziň ýer baýlyklary, suw baýlyklary biziň ekologiýamyzyň özeni bolup durýar. Olardan rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak biz ýaşlaryň borjudyr.

Goçmyradowa GÜLBAHAR,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 310-njy toparynyñ talyby.