1995-nji ýylyň 12-nji dekabry — Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda degişli Kararnamany kabul eden güni hökmünde ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde hemişelik ýazyldy. Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Milletler Bileleşigi döwletimiziň parahatçylyk dörediji, BMG bilen parahatçylygy, howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde işjeň hyzmatdaş hökmündäki beýik hukugyny biragyzdan ykrar etdi.
1996-Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän paýhasly ýörelgeleriniň, asylly gymmatlyklarynyň hem-de ynsanperwerliginiň dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek hem-de olara wepaly bolmak ýaly ýörelgelere uly orun berilýär. Köp ýurtlar bilen özara ynanyşmak, biri-birine hormat goýmak arkaly ýokary derejeli gatnaşyklary alyp barýan döwletimiziň dünýäde we sebitde ýüze çykýan meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmekde, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmekde möhüm orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň gatnaşmak arkaly beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýäde we sebitde parahatçylygy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly asylly başlangyçlary öňe sürýär. Olar halkara jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dünýä döwletleri bilen bitaraplyk ýörelgelerine doly laýyk gelýän parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirýän taýsyz tagallalaryna berilýän ýokary bahadyr.
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen ylmy maslahatlar, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Joşguna hem şatlyga beslenýän medeni-jemgyýetçilik çäreleri ynsanlara baýramçylyk ruhuny paýlap, göwünleri galkyndyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde parahatçylygyň hem dostanalygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Aýşa Rahmanowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby