Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň dürli ulgamlarynda we sebitlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler, geçirilen çäreler barada maglumat berdiler. Şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli kanunçylygy, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmekdäki tagallalary, ýurduň sebitlerine, şeýle-de daşary ýurtlara amala aşyran saparlary, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda geçirýän wagyz-nesihat işleri barada hem aýdyldy.
Giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, şol sanda geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň jemleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran saparlary, pudaklar boýunça garalýan döwürdäki makroykdysady görkezijiler, öňde boljak çärelere, şol sanda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, Bitarap Türkmenistanyň gazanan halkara üstünlikleri barada hasabatlary berdiler.
Mejlisiň barşynda wise-premýerleriň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň Tertibiniň» taslamasy hödürlenildi. Resminamada daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine bermek hem-de daýhan birleşikleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň arasynda önümçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda ýurduň dürli toplumlarynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler, Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Dawut Şamyradow
Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk institutynyň
Binagärlik–gurluşyk fakultetiniň talyby