15-nji dekabrda ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.
«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan Baş arçanyň ýanyna gelmezden öň, Aýazbabadyr Garpamyk «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezine, Türkmen döwlet gurjak teatryna bardylar.
Ýurduň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy şowhunly pursatlara, medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna, aýdym-sazlara beslendi. Bu waka, esasan-da, şadyýan körpelere ýatdan çykmajak bagtly pursatlary peşgeş berdi. Olaryň arasynda welaýatlardan gelen çagalar hem bar. Hemmeler Täze ýylyň baş gahrymanlaryny — Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň hereketi bilen, ýurduň Baş arçasynyň köpöwüşginli yşyklary dabaraly ýagdaýda ýakyldy.
Müňlerçe oýnawaçlardan we yşyklandyryjylardan bezegi ýeten, Russiýa Federasiýasyndan getirilen, depesine «2023» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan bu owadan arçanyň beýikligi 43, ini 16 metre barabardyr.
Paýtagtyň dürli künjeklerinde, şol sanda edara-kärhanalaryň binalarynyň öňünde dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arçalar ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň özboluşly nyşany hasaplanýar.
Aşgabatdaky Baş arçanyň yşyklary ýakylandan soňra, ýurduň welaýatlarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň baş meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň hem yşyklary ýakyldy. Şeýlelikde, ajaýyp arzuwlar, ýakymly duýgular bilen garaşylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurduň çar künjeginde sungat ussatlarynyň konsertlerine, dabaralara we beýleki baýramçylyk çärelerine badalga berildi.
Ertekileri ýada salýan bu ajaýyp baýramçylyk ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap ýatlarynda galar. Tutuş ýurdumyz boýunça köp sanly tomaşaçylar hem owadan Täze ýyl dabarasynyň şaýady boldular.
Ahmet Çintikow
Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk institutynyň
Binagärlik–gurluşyk fakultetiniň talyby