Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaýa gögeriş we ösüş suwunyň tutulýandygy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, indiki ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalardyr gurallaryň abatlanylýandygy barada hem aýdyldy. Häkimler öz hasabatlarynda welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň hem-de beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada-da aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigi barada aýtdy hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi, şunda oba hojalyk tehnikalarydyr gurallarynyň bökdençsiz işledilmelidigi, oňa berk gözegçilik etmek, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirmek, indiki ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary abatlamak babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary sürmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilişini berk gözegçilikde saklamagy, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi tabşyrdy.

Yklym Myratgulyýew

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň mugallymy