Standartlaşmak – bu ylymyň tehnikanyň we ykdysadyýetiň çäklerinde gaýtalanýan meseleleriň çözgütlerini tapmakdan durýar. Kesgitli bir çäklerde amatly derejeleri düzgünleşdirmäge gönükdirilen döredijilikdir. Standartlaşma boýunça işler halkara çäklerde, ýurdyň halk hojalygynyň pudaklarynyň birleşmeleriň kärhanalaryň ýa-da sehleriň çäklerinde geçirýär.
Halkara standartlaşmak – bu iki ýa-da ondan köp özbaşdak döwletleriň gatnaşmagynda geçirilýän standartlaşma boýunça işler.
Milli standartlaşma – bu bir ýurdyň çäklerinde standartlaşma boýunça işler.
Pudak standartlaşma – bu halk hojalygynyň belli bir pudagynyň degişli guramalyň standartlaşma boýunça edýän işleri. Standartlaşma boýunça işleriň netijesi bolup normatiw tehniki resminamalar bolýar.
Normatiw tehniki resminama – bu bellenen düzgünler boýunça işlenip taýýarlamak we degişli guramalar tarapyndan kesgitlenen, tassyklanan belli bir dörediji çäklerde berjaý etmek hökmany bolan standartlaşmak obýektine talaplary kesgitleýän resminamalar.
Standart – bu birmeňzeş önümleriň toparyna we käbir ýagdaýlarda takyk önümi we ony işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň we ulanmagyň düzgünlerine, şeýle-de standartlaşmagyň beýleki obýektlerini gurnalan talaplaryň normatiw tehniki resminamasy.
Tehniki şertler – bu takyk önüme gurnalan talaplaryň normatiw–tehniki resminamalar.
Ýolbaşçy resminama – bu guramaçylyk usuly we umumy tehniki häsiýetli normalary düzgünleri we talaplary gurnaýan tehniki resminamalar.
Standartlaşmagyň obýektleri – bu önüm, onuň işlenip taýýarlanmagyny, öndürmegini we halk hojalygynyň islendik çäklerinde ulanylmagyny üpjün edýän düzgünlerdir. Şeýle-de döwlet tarapyndan kesgitlenilen beýleki obýektlerdir.
Standart görkezijileri – bu ölçeg birlikleriň we düşünjeleriň kömegi bilen aňladýan standartlaşma obýektleri häsiýetnamalardyr.
Unifikasiýa – standartlaşmagyň giňden ýaýran we has netijeli usuly bolup ol obýektleriň dürli görnüşleri üçin rasional sany gurnamagyň esasynda bir görnüşe getirmekden durýar.
Simplifikasiýa – standartlaşmagyň ugry bolup ol bir atly obýektleriň ylymy ödemedik köp dürliligini, olaryň mukdaryny tehniki we ykdysady zerurlyga çenli gysgaltmak ýoly bilen
düzetmäge gönükdirilen.
Tipleşdirmek – standartlaşmagyň ugry bolup ol tipli konstruktiw we tehnologiki çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Tehnologik proses şol häsiýetnamalary işläp düzmeli.
Agregatlaşdyrma – standartlaşdyrmak boýunça işlerde köp ulanylýan konstruktiwlenmäniň usuly bolup öl önümi standart we unifisirlenen detallaryň, agregatlaryň we bölekleriň çäklendirilen mukadryny ýygnamak ýoly bilen öndürmekdir.
Klaslara bölünme – obýektleriň kesgitlenen köplügini kabul edilen alamatlara bölüniş ulgamynyň we kesgitli düzgünleriň jeminiň esasynda toparlara bölünmek.
Özara çalyşyp bilijilik – bellenen takyklykda özbaşdak taýýarlanylan detallaryň we bölekleriň maşynlaryň we enjamlaryň ýygnamasyny hiç hili üýtgetmezden üpjün etmek we tehniki talaplary bozmakdan özlerinden funksional niýetlenişini ýerine ýetirmek häsiýeti.
Önümçiligi ýöriteleşdirmek – bir görnüşli önümleri köpçülikleýin ýa-da uly yzygiderli möçberlerde amatly tehnologiýany ulanmak arkaly arzan we ýokary hilli goýberýän önümçilikleri döretmäge ugrukdyrylan guramaçylyk tehniki çäreler.
Maýagözel ANNAORAZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

RU



