Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Muňa Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna turba geçirijiler arkaly tebigy gazy ibermekde öňdeligi eýeläp gelýär. Şu ýylyň 11 aýynda türkmen mawy ýangyjynyň 9,28 milliard dollarlyk möçberi Hytaý Halk Respublikasyna iberildi.
Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan gaz geçirijileri arkaly tebigy gaz ibermekde öňdäki orny eýeleýär. Bu ugurda ikinji orun Russiýa degişlidir. Degişli hasabat döwründe Russiýanyň iberen tebigy gazynyň möçberi pul serişdelerinde 3,546 milliard dollara deň boldy.
Üçünji orundaky Mýanma 1.29 milliard dollar möçberinde tebigy gaz iberen bolsa, dördünji orundaky Özbegistanyň eksporty 1,03 milliard dollara, bäşinji orundaky Gazagystanyň eksporty 1 millirad dollara deň boldy.
Hytaý gaz pudagynda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýän 3 sany ugurdaş şahamçany öz içine alýar.
2021-nji ýylda Hytaýa 34 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny (D) Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça çekmek meýilleşdirilýär. Bu şahanyň gurulmagy bilen we gaz geçirijiniň taslama kuwwatyna çykarylmagy bilen Hytaýa ýyllyk iberilýän türkmen gazynyň ibermeleri 65 mlrd kub metre ýeter.
Rahat Aýdogdyýew
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby