Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiz ösüşleriň bedew batly depgini bilen öňe barýar. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň sosial goragyny kepillendirmek babatda ençeme tagallalar edilýär. Döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji gününden başlap, hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir» diýip, halkymyzyň parahat, asuda, bolelin durmuşyny goramaklygy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitledi[1]. Munuň özi bolsa, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň sözüň doly manysynda raýat jemgyýetini kemala getirmegiň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň, adam hukuklarynyň goragynyň barha ýokarlandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Esasy Kanunymyz döwletimiziň ösüşiniň syýasy-hukuk binýady, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup çykyş edýär. Konstitusiýa adamyň we raýatyň hukuklarynyň many-mazmunyny çuňlaşdyrýar, olaryň ösmeginde we kämilleşmeginde esasy binýat bolup çykyş edýär. Esasy Kanunymyzda her bir adamyň dynç almaga; ýaşaýyş jaýyna; saglygyny gorap saklamaga; jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata; bilim almaga we medeni durmuşa gatnaşmaga bolan hukugy hem-de raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Konstitusiýamyzyň 4-nji maddasyna şeýle bellenilýär: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar»[2].
Hukuk döwletimizde her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goramak, şol sanda onuň kepilligini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary wezipesine girişen ilkinji gününden başlap öňe sürmegi, ýurdumyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, röwşen geljegi bilen bagly kanunçylygy hem-de hukuk tertibini berkitmek barada edýän talaplary we parasatly hukuk syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýän eziz Diýarymyzda adam hukuklarynyň goraglylygynyň başlangyç esaslaryny emele getirýär.
Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, olaryň durmuşa geçirilmeginiň we ygtybarly goragynyň esas goýujy başlangyçlary, şol sanda, adamyň şahsy eldegrilmesizliginiň, erkinliginiň, at-abraýynyň we mertebesiniň ýokary kepillikleri babatda berkidilen ynsanperwer kadalar, Garaşsyz döwletimiziň halkara resminamalary esasynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny we Konstitusiýamyzyň kadalarynyň halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär. Türkmenistan ýurdumyzyň hukuk ulgamy Adamyň hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda, Adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramak hakyndaky Ýewropa Konwensiýasynda, Raýat we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ähtnamasynda we şu babatda dünýä bilelişigi tarapyndan umumylykda ykrar edilen beýleki namalarda göz öňünde tutulan adamyň we raýatyň hukuklarynyň ileri tutulmagyny üpjün edýär.
Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 1-nji maddasynda ähli adamlar mertebe we hukuklar babatda azat we deň bolup dogulýandygy bellenilýär[3]. Adam hukuklaryny goramagyň gözbaşy bolup duran bu hukuk kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giňden ornaşandyr. Konstitusiýamyzyň 26-njy maddasynda berkarar döwletimizde hem adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdigi hem-de aýrybaşgalanmasyzdygy, Konstitusiýa we kanunlara laýyk gelmeýän bolsa, adam hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugy kepillendirilýär[1].
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary özünde jemleýän özgertmeler syýasaty batly depginde amala aşyrylýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara giňişliginde döredijilikli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak üçin adam hukuklary, şeýle hem gender deňhukuklylygy üpjün etmek babatynda Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 16-nji aprelindäki Karary bilen «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasy» hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şol sanda adam hukuklary babatynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň hukuk esaslaryny üpjün edýän milli kanunçylygymyzy özgertmek boýunça öňde goýan wezipelerini, adamyň we raýatyň hukuklaryny goramagyň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri kepillendirilýär[1]. Bu babatdaky esasy işler Türkmenistanyň Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji debaryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» esasynda amala aşyrylýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi mähriban halkymyzda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 30 ýylyň dowamynda biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitdi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hukuk kepili bolup çykyş edýär.

EDEBIÝATLAR:
«Türkmenistan» gazeti, 20.03.2022ý.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.
Adamyň hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasy, 10.12.1948ý.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, 25.09.2020ý.

 Gözel GUTLYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ mugallymy