Türkiýeniň Prezidenti Rejep Taýip Erdogan duşenbe güni Gara deňizde türk suw çäklerinde tebigy gaz känleriniň ätiýajynyň 710 mlrd kub metre çenli artandygyny we 1 trln dollar diýip bahalandyrylýandygyny habar berdi.

“Biziň “Fatih” buraw gämimiz suwuň 3 023 m  çuňlugynda 58 mlrd kub metrlik gazyň üstüni açdy. Biziň gaz känimiziň umumy ätiýajy täze guýy bilen bilelikde 170 mlrd kub.m, 710 mlrd kub metre çenli artdy. Olaryň bahasy 1 trln dollar” – diýip, Erdogan hökümet mejlisinden soň aýtdy.

Türkiýäniň hökümeti ozal Gara deňizdäki gaz käniniň ätiýajy 540 mlrd kub.m diýip habar beripdi. Sakarýa olaryň iň irisi hasaplanýar, onuň ätiýajy 400 mlrd kub. m.-den geçýär. Deslapky tapgyrda Sakarýa käninden gije-gündizde 10 mln kub. m. töweregi ýa-da ýylda 3,4 mlrd-dan 4 mlrd-a çenli gaz almagy meýilleşdirýärler.  2027-2028-nji ýyllara çenli gazyň her günki çykarylyş möçberi 40 mln kub.m. bolmaly, her ýylda möçber 15 mlrd kub.m.-e çenli artmaly.