Gurhany iň gowy okaýan ka:ry gyrgyzystanly adam bolup çykdy. Muhamadali Umarow 11 ýurtdan gelen gatnaşyjydan öňe saýlanyp bildi. Bäsleşik Saud Arabystanynda geçdi diýip, “Mir 24” habar berýär.

Muhamadali oňa üç aý taýýarlanypdyr. Şol wagtyň içinde ol mukaddes kitabyň 600 sahypasyny ýat tutupdyr. Ýeňiji bilen respublikanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň hut özi duşuşdy. Döwlet baştutany Muhamadalini gutlap, oňa iň gadymy 400 ýaşly Gurhany sowgat berdi.

“Bu biziň syýasatymyzyň bu ugra ygrarlydygyny görkezýär. Biz din işine goşulyşmaýarys. Namaz okamalymy ýa däl, ol her kimiň öz işi. Ýaşlara nusga boluň, şonda siziň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjakdygyňyza ynanýaryn” – diýip, Gyrgyzystan respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow belledi.

Muhamadali Umarow 24 ýaşynda . Bäsleşikde gazanan ýeňşi oňa dört million rubla golaý pul getirdi.