Türkmen halky uly ruhubelentlik bilen Täze — 2023-nji ýyly garşy aldy. Şeýle ajaýyp pursatlarda geçen 2022-nji ýylyň uly üstünliklere beslenendigini aýratyn bellemek gerek. Üstünlige beslenen 2022-nji ýyl türkmen halkynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalary galdyrdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýa, üstünliklerimiz üstünliklere utgaşýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň ählisinde türkmen halkynyň geljeginiň aladasy durandyr. Bu günki günde ähli ulgamlarda amal edilen işler asyrlara barabardyr. Dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde ýetilen sepgitler bimöçberdir. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy ugrunda ýylyň bütin dowamynda il-ýurt bähbitli işlere giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady-medeni taýdan gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly öňde duran belent wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Ähli ulgamlarda, şol sanda, bilim ulgamynda hem alnyp barlan maksatnamalaýyn özgertmelere nazar aýlanyňda buýsanjymyz artýar. Ýazlaryň ýaraşygynyň ter açylan güllerde, daragtlarda biten pyntyklarda bolşy ýaly, durmuşyň, dünýäniň ýaraşygy hem ýaşlardadyr. Arkadagly Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Hakykatdan hem, ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elinde. Şatlyk-şowhun bilen topragymyza gadam basan 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi kalbymyza egsilmez buýsanç, guwanç duýgularyny bagyş etdi. Ajaýyp döwürde ýaşamagam, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekmegem bagtlylykdyr.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýaşlar jemgyýetimiziň işjeň güýji bolmak bilen, dürli kärde yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýaşlary dürli ugurlarda goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. Her ýylda ýaşlaryň arasynda dürli döredijilik we ylmy bäsleşikleriň, maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi olaryň ylmy we döredijilik başarnyklarynyň döwletimiz tarapyndan yzygiderli höweslendirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça geçirilýän dürli bäsleşikler ylma, bilime teşne, sporta höwesli ýaşlarymyzyň hatarynyň barha artmagyna getirýär. Bu bolsa sagdyn hem-de kämil şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýaşlary goldamak boýunça durmuşa geçirilýän işler döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Uly üstünliklere beslenip tamamlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Geçen ýyl ýurdumyzyň durmuşynda möhüm wakalaryň bolan, tutumly iňleriň edilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. 2022-nji ýylda ata Watanymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaňaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylan iňler şu ýylda durmuşa geçirilmeli tutumly işleriň berk binýady bolar. Bilşimiz ýaly, her ýylyň mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda indi asylly ýörelgä öwrüldi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkyň arzuw-isleginiň aýdyň beýanydyr. Çünki ýaşlar döwletimiziň daýanjydyr, guwanjydyr, kuwwatydyr. Olar bilen ösüşli menziller garaşýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada ýöredilýän döwlet syýasaty aýdyň maksatlary nazarlaýar. Bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirilýär. Muny Arkadagly Serdarymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaň nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler» diýen sözleri hem subut edýär.
Halkymyzyň ruhubelentlik bilen garşy alan täze ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy okap, öwrenip, kämil hünärmenler bolup, aýdyň geljegi gurýan ýaşlarymyza buýsanjy alamatlandyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda badalga alan tutumly işler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» üstünlikli dowam etdirilip, güneşli Diýarymyza şan-şöhrat getirer. Halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän, eziz Diýarymyzyň abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Ilgeldi ILGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ talyby