Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär, yslam dini bolsa halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde belledi.
Belläp geçsek, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baş metjitler gurlup ulanmaga berildi, olarda asylly ýörelgeler, sogap işler amal bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde hem baş metjidiň gurulmagynyň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz metjit gurmagyň edil ýol we köpri gurmak ýaly sogap işdigini aýdyp, bu asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde zamananyň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Metjidiň il içinde “Allanyň öýi” hasaplanýandygyny aýdyp, hajy Arkadagymyz welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.
Welaýatlaryň baş metjitleri ilki Mary welaýatynda guruldy, bu asylly işler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde netijeli dowam etdirildi. Bellenilişi ýaly, ajaýyp binalaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda häzirki zamanyň ruhuna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelýän kaşaň metjit guruldy. Soňra metjit gurmak işi Lebap welaýatynda dowam etdi. Türkmenabat şäheriniň merkezinde gurlan baş metjit şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Balkan welaýatynyň merkezinde-de milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynda bina edilen baş metjit ulanmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga bermek işlerine taýýarlyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.
Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişleri girizip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe maslahatlaryny we tekliplerini aýtdy.
Sahawatly Ahal topragynda täze metjidiň gurulmagy gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolar. Ruhy gymmatlyklar adamlary halallyga, ynsanperwerlige, päk ýüreklilige, ýagşylyga çagyrýar. Şoňa görä-de, sogap işleriň amal bolýan ýeri hasaplanýan metjitleriň gurluşygyna döwlet tarapyndan zerur üns berilýär. Hajy Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigi, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň oňaýlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigi bellenildi.
Orazow Söhbet
Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyñ Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby