Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ene dilimizi çuňňur bilýän ýaşlar dünýä dilleri bolan iňlis, rus, ýapon, hytaý, nemes, fransuz dillerini hem çuňňur öwrenýärler. «Dil bilen-dünýäni gezer», «Dil bilen — dana» ýaly nakyllar hem dürli dillerde ýazylan dürdäne paýhaslardan many çykarmagy ündäpdirler.
Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýan bagtyýarlyk döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy döwlet dilini hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesliň kemala gelmegini talap edýär. Häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» bu günki günde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Kabul edilen bu konsepsiýa laýyklykda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, milli bilim ulgamynyň ähli derejelerinde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony 3 tapgyrda amala aşyrmak göz öňüne tutulyp, ýagny birinji tapgyrda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetini we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek bellenildi.
Ikinji tapgyrda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Üçünji tapgyrda 2021 — 2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmäge üns berilýär.
Häzirki döwürde durmuş çalt depgin bilen özgerýär, dünýä bilim ulgamy innowasiýa ösüşlerine eýe bolup, örän köp dürli täzelikler peýda bolýar. Sanly bilim ulgamy ösen tehnologiýalar döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşynda özboluşly aýratynlykdyr. Häzirki wagtda barha çalt depgin bilen ösýän, özgerýän dünýäde bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bolan sanly ulgamdan peýdalanmak döwrebaplykdyr. Okadylyş serişdeleriniň kämilleşmegi bilen okatmagyň usulyýeti hem düýpgöter üýtgedi.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde okuw mekdeplerimiz dünýäniň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy. Şol enjamlardan ýerlikli peýdalanyp, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Biz ýaşlara okamaga, kämil bilim almaga döredip berýän oňyn şertleri we giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys!

Hemraýew Isa Hemraýewiç

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň     3-nji ýyl talyby