«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» -nyň ilkinji günleriniň şanly wakalara ulaşmagy döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirip, onda çuň manyly çykyş etmegi hem-de ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýetiniň düzümlerini kämilleşdirmek bilen bagly taryhy teklipleri öňe sürmegi ildeşlerimizde giň seslenme döretdi. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň, röwşen geljeginiň sazlaşygyny nazarlaýar. Bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolar. Milli Liderimiziň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren teklibi täze taryhy döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem Watanymyzy ösüşleriň täze derejesine çykarmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolar. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze tapgyry alamatlandyrýar diýip aýtmak bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has berkidip, kalplara nur çaýýar.
Halk Maslahatynyň täzeden döredilmegi agzybir halkymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan dünýä nusgalyk tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen sözleriniň durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
21-nji ýanwarda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Öňde boljak taryhy maslahatyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda aýratyn orun eýeläp, türkmenistanlylary täze, uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.
Hormatly Prezidentimiz içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini dünýäde gazanylan oňyn tejribeler bilen utgaşdyryp, ýurdumyzy ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýar. Demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hem ýeneki ösüşlere möhüm badalga bolar. Döwletli maslahat oň bolsun!

Orazmyrat ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.