10-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Iş saparynyň çäklerinde irden Gurbanguly Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş Halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu desgany gurmak ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Gap Inşaat» türk kompaniýasyna ynanyldy.

Şol ýerde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama — gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabadyň günorta böleginde gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny hödürledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň demirgazyk-günbatar böleginde, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda ýerleşýän täze myhmanhana toplumyny «Rönesans Holding» türk kompaniýasy gurýar.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň barşyna hem üns berdi.

Saparyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurulýan belent ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginde öz beýanyny tapjak mozaiki pannonyň çyzgylary hödürledi.

Şol gün iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.