2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Geçirilen işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň dolandyryş gullugyndan, Döwlet Dumasyndan, ýurduň sebitlerinden we kompaniýalaryndan düzülen ýörite topar hem-de Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin ýurdumyza geldiler. Bu maslahat Türkmenistan bilen Russiýanyň işewür toparlarynyň we guramalarynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirildi.
Maslahatyň çäginde iki ýurduñ işewürleriniñ gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür geňeşleriniň bilelikdäki we telekeçileriň pudaklaýyn ýygnaklary boldy. Iki dostlukly ýurduň işewür wekilleri özara hyzmatdaşlyk gepleşiklerini dowam etdirip, bilim we ulag-logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky transport, logistika, senagat, bilim we beýleki ugurlary boýunça rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň mowzuklaryna bagyşlandy.
Maslahatda Mişustin ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri bilen türkmen telekeçileri Russiýanyň bazaryndan çykarylan birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýerlerini eýeläp bilerler.
Russiýanyň Hökümet başlygy öz çykyşynda diňe harytlaryň akymyny köpeltmek bilen çäklenmän, bilelikdäki kärhanalary döretmek, häzirki zaman senagat, energetika we ulag desgalaryny gurmak barada hem iş alyp barmaga ýeterlik mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
2010-njy ýyldan bäri Russiýada «Türkmenistanyň söwda öýüniň» işleýändigi hem ählimize mälimdir. Onuň wezipeleri diňe bir hemişelik demonstrasiýa we söwda meýdançasyny guramak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça rus kärhanalaryna maslahat hyzmatlaryny bermekden ybaratdyr.

Şamyrat BEGENJOW,

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby