Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm mesele döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, oýlanyşykly çözülýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde degişli Buýruga gol çekip, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýokary derejeli işgärlere zerurlyklaryny hasaba almak bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünär ugurlarynyň sany artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, ýaşlaryň daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilmegine, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany iş tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleriň taýýarlanylmagyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler görkezildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler geçirilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar.

Orazberdiýewa Şasenem

Mary welaýatynyñ Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy