Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek babatyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligini döretmekden ybarat bolup durýar.

Öňde goýlan bu maksada ýetmekde oba hojalyk önümçiligini innowasion menejmentli ösüş ýoluna geçirmegiň hökmany zerurlykdygyny milli Liderimiz hemişe nygtaýar.

Şol bir wagtyň özünde, oba hojalygymyzyň häzirki ýagdaýyna we netijesine baha bermek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň agrar-senagat önümçiliginiň toplumlaýyn innowasion menejmentiniň ösüşiň diňe başlangyç tapgyrynda ýerleşýändigini hormatly Prezidentimiz belleýär.

Oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, esasan hem, ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmagyň, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň, şeýle hem döwlete degişli önümçilik kärhanalary bilen bir hatarda, hususy önüm öndürijileriň tutýan paýyny ýokarlandyrmagyň hasabyny amala aşyrylýar.

Türkmenistanda oba hojalygyny ylmy esasda we sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga iri möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, netijede bu ugurda ýurdumyzyň sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Oba senagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň we ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Oba senagat toplumy üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlar, ekiş gurallary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, suwaryş ulgamynyň gowulandyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, täze boz ýerleriň özleşdirilmegi, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gök ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işiniň ösdürilmegi boýunça ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň binýadynda durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, sahawatly topragymyzyň rysgal-berekedi has-da artýar.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat

orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Çerkezow Ýazmyrat