Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär.
Ýaşlaryň dünýä dillerini suwara bilmekligi okuw işiniň esasy talaplarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý dilleri degişli maksatnamalara goşuldy. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredililendir. Muňa mysal edip, orta we ýokary okuw jaýlaryndaky lingafon otaglaryny, interaktiw tagtalaryň ornaşdyrylmagyny, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplaryň we gollanmalaryň çap edilendigini aýtmak bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy.
Häzirden birnäçe dillerde suwara gürlemegi başarýan ýaşlary görmek biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýen, parasatly sözlerinden ugur alnyp, eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar boýunça ussat hünärmenleri taýýarlamak işine döwlet derejesinde üns berilýär. Ylymly-bilimli, saýlap alan hünärinden ussatlarça baş çykarýan ýaşlar geljegimizi gurujylardyr. Olaryň hatarynda birnäçe dilleri suwara bilýän mugallymlaryň we beýleki hünärmenleriň orny has-da uludyr. Çünki mugallymlar täze nesli kemala getirýärler, hünärmenler milli ykdysadyýetimizi ösüşiň täze basgançaklaryna tarap alyp gidýärler. Bu işleriň ählisiniň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly başlangyçlary durandyr. Ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar. Biz hem edilýän aladalara jogap edip, ele alan hünärimiziň ussat eýeleri bolup, Watanymyzyň bedew badyna mynasyp goşantlaryny goşarys. Ýaş nesilleriň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülsara KAKAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby