Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmeginde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda asylly däbe öwrü­len ýörelge esasynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň belent başymyzy göge ýetirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlara beýik ynam bildirilýändiginiň, buýsançlaryň has-da dabaralanýan ýylydyr.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ilkinji aýynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna iberen Gutlagynda: «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýär. Bu buýsançly jümleler türkmen ýaşlaryny Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak ugrunda alyp barýan beýik işlerine has-da döredijilikli çemeleşmäge çagyrdy.

Goý, türkmen halkyny, şol sanda biz bagtyýar ýaşlary abadan, eşretli durmuşyň eýesi eden Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, il- -ýurt bähbitli beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Hudaýnazar ALLANAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby