Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň açylyşy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň raýatlary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandyny goşýan “Saderat Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Köptaraply iri serginiň esasyny önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazananlary ulanýan EYR-nyň senagat kärhanalarynyň diwarlyklary düzüp, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide keramiki kafelleri, otaglaryň diwarlaryny hem-de ýeri örtmäge niýetlenen önümleri öndüriji “Firoozeh Tile Co.” kompaniýasy, polietilen we polistirol öndürýän “Mazeroon foam knowledge-based Ghaem Co.” kompaniýasy önümlerini ilkinji gezek görkezdiler. “Palmiran Co.” kompaniýasynyň diwarlygy hem Türkmenistandaky bu çärä ilkinji gezek gatnaşyp, türkmen paýtagtyndaky sergide bu ýere gelenleri önümleriniň köpdürlüligi bilen haýran galdyrdy. Bu sergi türkmen-eýran dostlugyny, ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen daşary ýurt kompaniýalary üçin özara gatnaşyklary we tejribeleri alyşmakda-da amatly meýdançany emele getirýär.
Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berýär. Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellemeklik zerurdyr.
Berdinyýaz GOŇUROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.