Türkmenistanyň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­lu­gy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada «Türkmenistan» gazetinde maglumat berdi.

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazykgünbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10… +15 gradus, kenarýaka etraplarda +4… +9 gradus maýyl bolar.

Ahal we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… +1 gradusdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5… +10 gradusdan +11… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ma­ry we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… +1 gradusdan +5… +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7… +12 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Le­bap we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6… +11 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar.

Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -8 gradus sowukdan -2… +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1… +6 gradusdan +7… +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aş­ga­bat­da üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -3 gradus sowukdan +3… +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4… +6 gradusdan +9… +11 gradus aralygynda maýyl bolar.