Amerikanyň Boeing awiagurluşyk kompaniýasy 2023-nji ýylda 2 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada “The Seattle Times” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.
“Biz işgärleriň ştatyny, ilkinji nobatda, maliýe departamentinde we işgärler bölüminde 2 müň adam azaltmagy meýilleşdirýäris” – diýip, neşir kompaniýanyň beýanyny getirýär.
Bellenilişi ýaly, şeýle azalma düşýän adamlaryň wezipeleriniň bir bölegi Tata Colsulting Services hindi kompaniýasyna autsorsing ediler.
Milli biznes ykdysadyýeti assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, amerikan kompaniýalarynyň, takmynan, 20%-i ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli işgärler ştatyny azaldyp biler. Goldman Sachs amerikan kompaniýasy eýýäm 3,2 müň iş ornuny azaltmagyň ugruna çykdy. Microsoft korporasiýasy 2023-nji ýylda, takmynan, 10 müň işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle çäreler dünýä ykdysadyýetiniň pese gaçmagy hem-de sarp edijileriň pandemiýa döwründen soň sanly önümlere çykdajylaryny azaltmak islegi bilen baglanyşyklydyr.