Bu planşet, daşyndan göräýmäge, ýeke-täk gara-ýaşyl reňkde elýeterli bolar. Onuň gyralary iPad-yňky ýaly göni, 13 Megapiksellik esasy kamera ýokardan ortada, OnePlus logotipden çala ýokarda ýerleşen.

Displeýi 11,6 dýum. IPS matrisasy 2800 × 2000 piksel razreşeniýaly, täzelenme ýygylygy 144 Gs we maksimal ýagtylygy 500 nit.Planşetiň taraplarynyň gatnaşygy — 7:5.

Öňki kamera 8 Mp bolup, ramkada gizlenen.

Çipi MediaTek Dimensity 9000 bolup, bäşinji nesli goldaýar we 12 Gb operatiw ýada eýe. Akkumulýator sygymy 9510 mA/sag.