Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanandygy bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Geçen ýyl Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berildi. Biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady boldy. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy. Bu bolsa häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdir. Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de dowam etdireris.