Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ýaşlar hakda uly aladalar edilýär. Çünki ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly we medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatdaky işleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda-da barha rowaçlanjakdygy aýdyň hakykatdyr.

Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň netijesinde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edilýär. Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy kämil bilýän we ony hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de, bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär.

Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baý mazmunly sahypalaryň biri boldy. Geçen ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Döwrümiziň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy maslahatyň il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilmeginde örän uly orny bar. Halkymyzyň biragyzdan goldamagy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň Konstitusion kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi göwünlerimize ganat berdi. Milli Liderimiz taryhy mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşleri, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we öňde duran möhüm wezipeler dogrusynda belläp: «Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr» diýdi. Bu çuňňur mazmunly sözler ýaş nesilleriň ruhy joşgunyny, döredijilik ylhamyny, zähmete bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

Serdar ŞIRIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby