Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz.

Döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Intellektual bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribe toplandy. Türkmenistanda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda bilim işi kämilleşdirilýär. Şäherdir obalarda täze bilim edaralary gurlup tabşyrylýar. Okatmagyň usullary ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaý nazaryndan kämilleşdirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň garamagynda döwrebap ylmy-barlag institutlar we merkezler hereket edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Didar Çolukow

Türkmen döwlet binagärlikgurluşyk institutynyň

Binagärlikgurluşyk fakultetiniň mugallymy