Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasaty ýurduň nebit we gaz gorlaryny artdyrmaga, uglewodorod serişdelerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Döwletimiziň energetika strategiýasy ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazaryndan kepillendirilen. Türkmenistan uglewodorod çig mal serişdelerine baý döwletdir. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, ýurdumyzyň çäginiň dörtden üç böleginiň nebit we gaz babatdaky geljegi uludyr.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly tagallalary edýär. Nebitgaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi. Şolaryň hatarynda topluma sanly ulgamy, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işewürleşdirmek, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna satmagyň dürli ugurlaryny kesgitlemek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek, tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemekde bazarlaryň köpdürlüligini gazanmak wezipeleri bar. Ýurdumyzyň çägi häzir täze uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagyň nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär. Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawody – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumy öz önümini çykaryp başlady.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy-da şeýle kärhanalaryň hataryna girýär. Onda gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap tehnologik desgalaryň hatarynda “EURO-5” we ýokary ölçeglere kybap gelýän awtoulag benzinini, şeýle-de ýokary hilli tehniki ýaglary hem-de beýleki nebithimiýa önümlerini öndürjek desgalar toplumy bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli örtükleriň 21 müň tonnasyna barabar bolan biaksiol – ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana işe girizildi. Mundan başga-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzoluň öndürilişini guramagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklygy öwrenilýär. Bu önüm dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan polistrol we kauçuk ýaly önümleri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanmaga berildi. Bu toplum dünýäde tebigy gazdan sintetiki benzin alýan ilkinji kärhanadyr. “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de bu zawodda ornaşdyrylan tebigy gazdan sintetiki benzin almagyň TiGAS tehnologiýasy Nebit we gaz ugry boýunça “IChemE Global Awards 2019” halkara baýragyna eýe boldy.

Mergen BAÝRAMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň E we E “A” hünäriniň 1-nji ýyl talyby.