Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda milli parlamentiň alyp baran işleri, olaryň jemleri barada maglumat berdi. Şunda mart aýynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna ýurt boýunça döwrebap öýleri sowgat bermäge hödürlenilýän sekiz we ondan-da köp çagany dünýä indiren zenanlar, şeýle hem «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler baradaky maglumatlary hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurduň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny, beýleki kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli işlemegiň, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň we toplumlaýyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamagyň möhümdigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda geljek hepdäniň çarşenbe güni ajaýyp baýramyň — Halkara zenanlar gününiň dabaraly ýagdaýda bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz eziz eneleri, mähriban gelin-gyzlary bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.
Ýazdursun Annaýewa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň talyby