«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» unudylmajak taryhy wakalary bilen şöhratlanýar. Halkymyz — bu gün öz ykbalynyň, öz bagtynyň eýesi. Baky berkarar döwletimiz — biziň baş mukaddesligimiz. Bu mukaddesligi gözüň göreji ýaly goramak, syýasy hem ykdysady kuwwatyny berkitmek, bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap maksada okgunly öňe alyp gitmek belent borçdur.
Döwürleriň dowamynda ata-babalarymyz döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak ugrunda kämil garaýyşlary öňe sürüpdirler, şu mukaddes topragymyzy gorapdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Berkarar döwlet istärin» diýmek bilen, Watan mukaddesligi hakynda ençeme şygyrlary nesillere miras galdyrypdyr. Paýhasly pederlerimiziň Watan mukaddesligi baradaky duýgy-düşünjeleri, ony goramak ugrunda görkezen gahrymançylyklary nesiller üçin watançylyk mekdebidir.
Halkymyzyň şu günki hem geljekki bagtyýar, eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmek, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwürmek babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz taýsyz tagallalary edýärler, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýärler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň belent sepgitleri nazarlaýan ösüşli ýoly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hem barha rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Bu hakykata biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gündelik durmuşymyzda bolup geçýän taryhy wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.
Adam hakdaky alada döwlet Baştutanymyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň düýp özeni bolup durýar. Döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasatda halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini biz her ädimde diýen ýaly görýäris. Türkmenistan adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň doly durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk şertlerini üpjün edýär, şahsyýetiň erkin ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda adam hukuklary babatda halkara ölçeglere laýyk gelýän kanunlar kabul edilýär.
Kanun jemgyýetiň jebisligini üpjün edýär. Ol halkyň ýaşaýşy, döwletiň ösüşi bilen baglanyşykly ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzy berk berjaý etmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr.
Goý, ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Azat HALMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












