Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde geçirilen Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň XV gurultaýyna gatnaşdylar.
Gurultaýa 18 ýurtdan 127 uniwersitetiň wekilleri gatnaşdy. Forumda esasy üns Assosiasiýanyň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine, onuň agzalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, bilimiň hem-de ylym gözlegleriň hilini ýokarlandyrmak meselelerine seredip geçmäge, şeýle hem maglumat tehnologiýalarynyň kömegi bilen uniwersitetleriň guramaçylyk işlerini gowulandyrmaga gönükdirildi.
Şeýle hem gurultaýyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýakyn ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasyny» döretmek, Moskwa döwlet uniwersitetinde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak esasynda goşmaça bilim maksatnamalaryna gatnaşmak barada pikir alşyldy.
Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalarynyň türkmen edebiýatynyň nusgasy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki leksiýalary, seminarlary, konferensiýalary geçirmek, Türkmen döwlet uniwersitetinde we M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde döredilen ÝUNESKO kafedralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ünsden düşürilmedi.
Gurultaýa gatnaşyjylaryň ählisi ylym-bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Ýewraziýa uniwersitetleriniň bilelikdäki gözleg maksatnamalaryny işläp düzmek we döredijilik gözleg toparlaryny döretmek meýilleşdirilýär. ÝUA-nyň agza uniwersitetleri dürli ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň esasynda Ýewraziýanyň halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we forumlaryny geçirmek tejribesini giňelder. Şeýle hem ýaşlaryň ylmy döredijiligini ösdürmek we olaryň ylmy barlag işlerine gatnaşmagy, uniwersitetleriň ÝUA-nyň howandarlygynda guralan ýaş alymlaryň maslahatlaryna gatnaşmagy üçin dürli goldawlary bermek hem möhüm meseleleriň hataryndan orun aldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1992-nji ýylyň 19-njy maýyndan bäri Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasydyr.
Süleýman Saparow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyby